Türkmenistan ABŞ-nyň türkmen raýatlarynyň Birleşen Ştatlaryň çägine girmegine bölekleýin gadagançylyk girizmek baradaky kararyna “aşa düşünişmezlik” we “alada” beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 10-njy iýunda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine gadaganlyk girizilýär. Amerikan häkimiýetleriniň düşündirişine görä, bu çäreler käbir ýurtlaryň raýatlarynyň ABŞ-nyň wiza düzgünlerini köpçülikleýin bozmagy bilen baglylykda kabul edildi. Bellesek, bu sanawa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndan diňe Türkmenistan goşuldy.
“Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a girmegine bölekleýin gadagançylygyň girizilmegi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle çözgüdiň türkmen tarapynda aşa düşünişmezlik hem-de alada döredýändigini mälim edýär” diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň beýanatynda aýdylýar.
Onda Türkmenistanyň migrasiýa babatynda ähli halkara kadalary we düzgünleri berk berjaý edýändigi aýdylyp, “türkmen tarapynyň çuňňur ynamyna görä, beýan edilen çäklendirmelere kybap çäreler kabul edýän ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň gödek hukuk bozulmalary amala aşyran ýagdaýlarynda girizilýär” diýilýär.
Ak Tamyň çäklendirme karary bilen baglylylykda 4-nji iýunda ýaýradan resmi habaryna görä, 2023-nji maliýe ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda B-1/B-2, ýagny syýahatçylyk we iş wizasy boýunça ABŞ-da artykmaç möhletde galanlaryň sany 15.35%, "F", "M" we "J" ýagny bilim we ylym bilen bagly wizalar boýunça möhletinden artykmaç galanlaryň sany 21.74% bolupdyr.
Resmi Aşgabat soňky beýanatynda daşary ýurtlara, şol sanda ABŞ-a gidýän Türkmenistanyň raýatlarynyň kanunlary berjaý etmegiň “ýokary derejesi bilen tapawutlanýandyklaryny” aýratyn nygtap geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çäklendirme baradaky karara ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ýokary netijelerini, şeýle hem onuň häzirki oňyn depginini, şol sanda migrasiýa syýasaty ýaly möhüm ugurdaky ösüşini göz öňünde tutmaýan “gyssagly ädim” hökmünde garaýandygyny mälim etdi.
Tramp 12 ýurduň raýatlary üçin ABŞ-a girmegini doly gadagan edýän we ýene ýedi ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna çäklendirmeleri girizýän proklamasiýa gol çekmegini, ýurdy “daşary ýurtly terrorçylardan goramak” maksady we howpsuzlyk wehimleri bilen düşündiripdi.
“Biz ýurdumyza ýamanlyk isleýän adamlaryň girmegine rugsat bermeris” diýip, Tramp sosial mediada çykyş edipdi, we sanawa täzeden garalyp bilinjekdigini, şeýle-de oňa başga ýurtlary hem goşmak ähtimallygynyň saklanyp galýandygyny aýdypdy.
Trampyň administrasiýasynyň ençeme ýurt boýunça wiza gadagançylygyny we çäklendirmeleri girizmek planlary barada mart aýynda habar berlipdi. Şonda Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri türkmenistanlylaryň bu meselä üns bilen syn edilýändigini, hususan-da, ABŞ-da emlägi bolan türkmen raýatlarynyň Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýandygy habar beripdi.
Birleşen Ştatlarda gozgalmaýan emlägi bolan türkmen raýatlarynyň, ýa-da ýokary wezipeli adamlaryň sany barada anyk açyk maglumat ýok.
Galyberse-de, Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda ABŞ-a barmaga islegler soňky ýyllarda ep-esli artdy. Şeýle-de, ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny almaga mümkinçilik berýän we bije görnüşinde çekilýän "Green cart" almaga islegler hem ýokarlandy.
Birleşen Ştatlarda ýaşaýan we göçüp barýan türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegini sosial ulgamlardaky maglumatlar hem görkezýär.
Ýurtdaky problemalary we ilatyň migrasiýasynyň ýaýbaňlanýandygyny ykrar etmeýän türkmen hökümeti raýatlaryň ýurtdan çykmagyny kynlaşdyrýar we resmi bolmadyk dürli çäklendirmeleri girizýär. Şol sanda daşary ýurtlarda işlemäge we bilim almaga barýan raýatlar sebäbi düşündirilmezden uçardan düşürilýär. Şeýle-de, ABŞ-nyň hödürleýän 'Green Card' bijesini utan türkmenistanlylar MHM tarapyndan soraga çekilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum