Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýangyja baý sebitde ýene-de benzin gyt, nobatlar uzaýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda ýene-de benzin aladalary güýçlenýär, ýangyç beketleriniň ýolbaşçylary benziniň basym geljekdigini we boljakdygyny aýdýarlar, emma bir hepde bäri gelýän zat ýok diýip, Balkan sebitindäki habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen sürüjiler aýdýarlar.

Benzin gytçylygyň ilatyň gündelik durmuşyna, azyk üpjünçiligine we nyrhlara negatiw täsir edýär, emma bu ýagdaýyň näçe wagt dowam etjekdigini hiç kim bilmeýär, häkimiýetlerden düşündiriş almak mümkinçiligi ýok, hatda muny soramak hem hatarly diýip, ýerli synçy aýtdy.

Balkan sebitinde ýitileşýän benzin gytçylygy, aýdylmagyna görä, 6-njy iýunda, bir hepde çemesi öň başlandy we hususan benziniň iki görnüşi, A-95 we A-92 markaly benzinler gytalyp, ýangyç beketlerindäki nobatlaryň uzynlygy azyndan 2 kilometre ýetýär diýip, Azatlygyň habarçysy 12-nji iýunda habar berdi.

"Ýangyç gytçylygy öň, ýalňyşmasam, beýle ýitileşmändi"

“Ýangyç gytçylygynyň beýle ýitileşen ýagdaýy, ýalňyşmasam, bu derejede bolmandy, benziniň nol derejä düşen zaprawkalary hasaba alynmandy. Diňe welaýat merkezindäki ýangyç guýujy beketlerde ir bilen her ulaga 10 litr benzin almak mümkinçiligi döredilýär, galan ýerlerde ýagdaý kyn, Türkmenbaşyda, beýleki etraplarda 1 litr benzin hem satylmaýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, beketleriň ýolbaşçylary ulag eýelerine benzin gytçylygynyň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir anyk düşündiriş berip bilmeýär, berilýän soraglara diňe “garaşyň, gelmeli” diýen jogaby berýär.

“Ine, tas bir hepde boldy, henize çenli gelýän benzin ýok” diýip, çeşme aýtdy.

Ýangyç gytçylygynyň mümkin bolan sebäpleri barada dürli pikirler aýdylýar. Synçylaryň käbiri bu ýagdaýy korrupsiýa, ýangyjyň bikanun daşary ýurtlara satylmak ähtimallygy bilen baglanyşdyrsa, beýlekileri ýurtda ýaýbaňlandyrylan galla oragy bilen baglanyşdyrýar.

Türkmenistan geçen hepde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, 11-nji iýunda bolsa Balkan we Daşoguz sebitlerinede galla oragyna girişdi. Oraga başlanmagy bilen, diňe A-95 we A-92 markaly benzinler däl, dizel ýangyjy hem gytalgy . Emma galla oragy döwründe oba hojalyk tehnikalary ýa-da beýleki ulaglar üçin harçlanýan ýangyjyň ilata goýberilýän ýangyja näderejede täsir ýetirýändigini anyklamak mümkinçiligi ýok.

Benzin gytçylygy gatnawlara, ýaşaýyşa 'ýaramaz täsir edýär'

Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylar benzin gytçylygynyň içerki gatnawlara ýaramaz täsir ýetirendigini we halkyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň gytalyp başlamagyna, gymmatlamagyna alyp gelýändigini öňe sürýärler.

“Häzirki ýangyç gytçylygy galla oragy bilen bagly. Diňe benzin däl, dizel ýangyjy hem ýok. Sebäbi ähli nebit önümlerini bugdaý oragy wagtynda ulanylýan kombaýnlara, bugdaý daşaýan ulaglara berýärler” diýip, bir ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.

Başga bir tarapdan, Balkanda dörän ýangyç gytçylygynyň esasy sebäbi ýurduň ýangyç öndürilýän kärhanalaryndaky abatlaýyş, bejeriş işleri bilen bagly bolup görünýär.

“Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda abatlaýyş işleri geçirilýär, Türkmenbaşydaky zawodyň önümçiligi 60 göterime hem ýetmeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen bu zawodlaryň öndürýän önümleriniň diňe daşary bazardan artan böleginiň içerki söwda, ýurt içindäki beketlere bölünip, paýlanyp berilýändigini aýtdy.

"Ilimitler talaby ödemeýär, olary üýtgetmek gerek'

Ýerli hünärmeniň sözlerine görä, “welaýatlara 6 aý üçin bölünip berlen limit bar, ýöne ol limit sarp edijileriň bary-ýogy 58 göterim talabyny ödeýär”.

“Şol sebäpden hökümetiň bölünip berilýän limitlere gaýtadan seretmeli wagty geldi. Üstaşyr logistika uly Berdimuhamedow döwürine garanda ösdi, ilat sany köpelýär, ýöne 2007-nji ýyldan bäri welaýatlara berilýän limit şol bir ýagdaýynda dur. Bu ýagdaý dowamly gytçylyga, ýangyjyň iki bahasynyň döremegine, ýangyç ogurlygynyň köpelmegine ýol açdy. Özümizde önýän benzin bilen ilki öz halkymyzy üpjün etmeli, soň galanyny daşaryk satmaly” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2023-nji ýylda harytlyk önümleriň 230 müň 390 tonnadan gowragyny, şol sanda A-95, A-92 we A-80 kysymly benzin, 123 müň 680 tonna golaý dizel ýangyjyny öndürdi, ol önümler Özbegistan, Owganystan, Gürjüstan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýär diýip, döwlet eýeçiligindäki neşirler aýdýar.

Aýdylmagyna görä, 1995-nji ýylda Türkmenistana Bitaraplyk derejesiniň berilmegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işini kämilleşdirmek üçin täze, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, toplumyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk ýurtda dowam edýän we wagtal-wagtal ýitileşýän ýangyç meselesiniň sebäpleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG