Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrant türkmenler Aşgabadyň özlerini gysyp, 'jenaýata itekleýändigini' aýdýarlar


Aşgabatdaky rus iliçihanasynyň öňündäki nobat. Arhiw suraty
Aşgabatdaky rus iliçihanasynyň öňündäki nobat. Arhiw suraty

Orsýetde işleýän ýa okaýan türkmenistanlylar, türkmen ilçihanasynyň türkmenlerden nagt tölenmeli dollarlaryň ‘täze’ bolmagyny talap edip, olaryň öňem kyn ýagdaýyny has kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Bu habar türkmen häkimiýetleriniň ABŞ-nyň hödürleýän 'Green Card' bijesini utan türkmenistanlylara basyş edýän we Moskwa bilen aralykdaky uçar gatnawyny ýene bir gezek ýatyran wagtyna gabat geldi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň resmi web sahypasynda türkmen raýatlary üçin konsullyk hyzmatlarynyň dollarda tölenmeli nagt tölegleriniň 2007-nji ýyldan soň çykarylan banknotlar bolmalydygy bellenilýär we bu talap türkmen raýatlaryny ‘örän lapykeç edýär’.

Moskwadaky türkmen konsulhanasynyň öňünde nobata duran türkmen raýatlarynyň birnäçesi anonimlik şertinde gürleşip, bu talabyň “hut Orsýetde, özem diňe Türkmenistanyň raýatlaryna degişli bolmagyna nägilelik bildirdi”.

Aşgabadyň 'dollar kemsitmesi'

"Türkmen häkimiýetleri Orsýetdäki ýagdaýy, soňky üç ýyldan bäri banklarda dollaryň täze çykan banknotlarynyň tasdan ýokdugyny gaty gowy bilýärler. Emma muňa garamazdan, şu hili diskriminasion [kemsidiji] talaby girizýärler, özem bu talap diňe türkmen raýatlaryna degişli. Orsýetli ýa-da daşary ýurtly ýek-tük wiza alaýjak raýatlardan arkaýyn 1996-njy ýyldan soňky çykan islendik dollar banknotlaryny kabul edip durlar" diýip, Moskwa Woronežden resminama meselesi bilen gelen migrant zenan aýtdy.

Redaksiýa pikirini paýlaşan migrantlaryň atlaryny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.

Nobatda duran türkmen migrantlarynyň biri soňky aýlarda rus banklarynyň tas ählisinde diýen ýaly dollaryň köne, diňe 2006-njy ýylda we şondan aňyrda çykarylan banknotlarynyň tapdyrýandygyny, üstesine, ýüzlükden maýda hümmeti bolan banknotlaryň umuman tapdyrmaýandygyny aýtdy.

"Oblastlardaky banklarda diňe 2006-njy ýylda we şondan öňki ýyllarda çykarylan ýüzlük dollar banknotlary tapdyrýar, 1, 2, 5,10, 20 ýa-da 50 dollarlyk banknotlar tasdan ýok ýa-da tapdyrmaýar. Tapylaýanda-da, olar gaty köne, epim-epim edilen halda” diýip, Penzadan gelen migrant aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Orsýetiň iri banklary bolan Sberbankyň, WTB-niň we Gazprombankyň oblastlardaky şahamçalarynda dollar satyn almak şu ýylyň aprel aýyndan bäri tas mümkin däl. Beýleki, az sanly täjirçilik banklarynda hem dollaryň elýeterliligi göz-görtele ýaramazlaşdy diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

'Dollar awy' jenaýatda aýyplanmak töwekgelçiligini döredýär

Dollar gytçylygy türkmen konsullygyndaky möhümlerini bitirjek bolýan türkmenleri sözüň doly manysynda "dollar awyna çykmaga", bikanun işe başga goşmaga mejbur edýär, bu ýagdaýda bölek dollar tapmak gaty kyn, onda-da 2007-nji ýyldan soň çykan banknotlary diýip, aýry-aýrylykda gürleşen migrantlar aýtdy.

“Orsýetde gara bazardan dollar satyn alan adam jenaýat jogapkärçiligine çekilmek töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. ...onsuzam gyl üstünde ýaşaýan türkmen migrantlary we studentleri üçin konsullyk işiňi bitirmek uly bir meselä öwrülýär" diýip, Penzadan gelen migrant aýtdy.

Nobatda duran raýatlaryň deňeşdirmek üçin aýtmaklaryna görä, Belarusda türkmen ilçihanasynyň konsullyk hyzmatlarynyň töleglerini diňe Belarusbankyň üsti bilen töläp bolýar we bu maglumat ilçihananyň resmi web sahypasynda hem ýerleşdirilipdir.

"Ýurt içinde hiç bir bankda hiç hili açyk dollar söwdasy ýok. Şol bir wagtda, hökümet öz raýatlarynyň konsullyk edaralarynda dollarda, nagt pul tölemegini talap edýär. Mundan başga, Türkmenistan awia kompaniýasynyň bilet bahalary hem hut dollaryň gara bazardaky nyrhyna görä goýulýar” diýip, türkmen raýaty häkimiýetleriň ilaty ‘çykgynsyz ýagdaýa salýandygyny’ aýtdy.

'Emeli kynçylyklar' Aşgabat basyşynyň bir bölegi bolup biler

Öňki diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, ilçihana, konsullyk işgerleriniň migrantlar, studentler üçin döredýän emeli kynçylyklary, olaryň ýurt daşyna gitmezlikleri üçin edilýän basyşlaryň bir bölegi bolup, Aşgabadyň ýa-da Daşary işler ministrliginiň dilden berýän görkezmelerine esaslanýan bolmaly.

“Ýörite basyş edýärler ahyryn. Ýörite päsgel döredýärler, kynçylyk döredýärler, ýurt daşyna gitse, şolar ýaly horluk çekjegini adamlar görüp, gitmesin diýip, edilýän hereket” diýip, Hanamow aýtdy.

Awstriýada ýaşaýan aktiwist türkmen häkimiýetleriniň öz edýän ýalňyş hereketlerinden netije çykarmalydygyny, adamlaryň näme üçin ýurtdan gidýändigine düşünmek üçin ‘uly bir akylyň gerek däldigini aýdýar:

“Bor-bolgusyz desgalary, hiç bir peýda bermeýän obýektleri ýatyrmaly, olaryň ýerine hakykatdanam iş ýerleri döredilýän obýektleri gurmaly. Adamlar öz ýurdunda iş tapsa, öz maşgalasyny ekläp bilse, maşgalasyny taşlap [daşary ýurda] gitjek adam ýok ahyryn, öz-özüne ganym däl ahyryn biziň halkymyz.”

Türkmenistan ýurtda dörän agyr ykdysady çögünligi, işsizligi resmi taýdan boýun almaýar we hökümet mejlislerinde, metbugatda diňe uly ösüş sanlary, ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýyl-ýyldan artdyrylýandygy barada gürrüň edilýär, başgaça pikirlenýänler berk yzarlanýar we gorkuzmaga çalşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG