Russiýanyň öňki prezidenti Dmitriý Medwedew bilen baglanyşykly gaznalar Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli çozuşyndan bäri takmynan 850 million dollar toplady diýip, “Sistema”, AÝ/AR-nyň rus derňew bölümi habar berýär.
Bu gaznalaryň barha köpelýän baýlygy 2020-nji ýylda prezident Wladimir Putin tarapyndan premýer-ministr wezipesinden boşadylan 59 ýaşly Medwedewiň uruş döwründe gaýtadan janlanan wagtyna gabat gelýär.
Ýöne ol hökümetdäki orunlaryny, Putiniň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary we ýurtda agalyk edýän “Birleşen Russiýa” partiýasynyň başlygy hökmündäki wezipelerini elde saklamak bilen, onlaýndaky hüjüm iti hökmünde täze rola eýe bolup, millionlarça adamly auditoriýa hem tapyndy.
Bir zamanlar mylakatly, aram şahsyýet bolan Medwedew social ulgamlarda Kiýewe hem-de Günbatara garşy edýän aşa dyzmaç, wagşyýana, ýigrençden doly beýanatlary bilen öňe saýlandy.
“Systemanyň” Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan giň gerimli hüjüminden ozal barlan maliýe hasabatlaryna görä, Medwedew bilen arabaglanyşygy bolan 15 gazna 2015-nji we 2021-nji ýyllar aralygynda jemi 28 milliard rubl (degişli walýuta hümmeti boýunça 424 million dollar) möçberinde serişde edindi. 2022-24-nji ýyllarda alnan serişdeler bolsa, 130 milliard rubldan (1,39 milliard dollar) geçdi we bu pullaryň ýarysyndan gowragy geçen ýylyň paýyna düşýär.
Maglumatlar bu guramalaryň hasap depderlerinde 2021-nji ýylyň ahyrynda jemi 23,5 milliard rublyň (316 million dollar) we 2024-nji ýylyň ahyrynda 86,4 milliard rublyň (850 million dollar) bolandygyny görkezýär.
“Sistemanyň” anyklamagyna görä, serişdeler dürli alyjylara, şol sanda Ukraina garşy söweşýän rus güýçlerine we Sankt-Peterburgdan Gara deňziň kenaryna çenli aralykda Medwedew bilen görnetin baglanyşygy bolan gozgalmaýan emläk taslamalaryna ugrukdyryldy.
Gaznalar öz donorlarynyň kimlerdigini jemgyýetçilge açyk aýan etmeýär we häzirki wagtda saklanyp galýan 14 gaznanyň diňe iki sanysynyň web sahypalary bar. Olaryň biri “Naşa Prawda” (Biziň hakykatymyz), soňky iki ýylda Putiniň Ukraina garşy garşy "ýörite harby operasiýa" diýlip atlandyrylýan urşuny goldamak üçin 2,4 milliard rubl sarp edendigini, bu serişdäniň müňlerçe pilotsyz uçary we gijelerine ulanylýan dürbileri, generatorlary, lukmançylyk enjamlaryny we beýleki enjamlary satyn almak üçin harçlanandygyny aýtdy.
“Birleşen Russiýa” bilen hyzmatdaşlyk
“Naşa Prawda” Medwedewiň başlangyjy bilen döredildi diýip, “Birleşen Russiýanyň” merkezi ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Alekseý Sidýakin aýtdy we onuň 2025-nji ýylyň fewral aýynda bu partiýa bilen hyzmatdaşlykda rus harby bölümine 14 million rubldan ($177,000) gowrak serişdä durýan enjam berendigini hem sözüne goşdy. Bu maglumat gaznanyň web sahypasynda çap edildi.
Medwedewiň bu partiýa 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda goşulan ogly, 29 ýaşly Ilýa, dabara gatnaşyp, “Naşa Prawdanyň” web sahypasynda berlen habara görä, adybir partiýa komitetinde taslama müdiri hökmünde tanaldyldy.
Gaznalaryň köpüsi öz çykdajylarynyň maksatlary, gönükdirilýän ýerleri barada juda az maglumat berýär.
Ýöne subutnamalar olaryň käbiriniň Medwedewe görnetin ilteşigi bolan gozgalmaýan emläk taslamalaryna gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn goldaw bermek maksatlarynda ulanylandygyny görkezýär. Kremliň merhum duşmany Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy gaznasy, häzirki wagtda gadagan edilen FBK tarapyndan geçirilen derňewler esasynda kaşaň köşkler, ýahtalar, üzümçilikler we beýleki emläkler tory barada taýýarlanan wideo hasabat çap edileli bäri şol wagtky premier-ministriň eýeçiligine girýän gizlin baýlyklara bolan jemgyýetçilik gyzyklanmasy ýokary galdy.
FBK hasabaty Wolga derýasynyň boýundaky Plyos şäherinde, Kursk sebitinde, Moskwanyň etegindäki Rublýowkada we Soçide Medwedewiňki diýlip bilinýän ýaşaýyş jaýlaryny, şeýle-de “Skalisti Bereg” atly çakyr öndürijini we birnäçe ýahtany öz içine alýardy.
“Systema” hasabatda agzalan emläkleriň köpüsiniň şindem Medwedew bilen baglanyşykly gaznalar bilen baglanyşykly bolup galýandygyny anyklady.
“Naşa Prawda” mart aýynda Anapa kenarýaka şypahanasynyň golaýynda üzüm plantasiýalary bolan “Skalisti Bereg” bilen bileleşip, dekabr aýynda ýüze çykan uly ýangyç dökülmesinden soň geçirilen arassalaýyş işlerine kömek etdi. “Skalisti Bereg” dekabr aýyndan bäri Medwedew bilen baglanyşygy bolan gaznalar tarapyndan dolandyrylýar we Ilýa Medwedew bu kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň agzasy bolup durýar.
Şu aralykda, 2022-nji ýylyň dekabrynda FKK, Medwedew bilen baglanyşykly gaznanyň eýeçiligindäki firma “Makna” dolandyryş kompaniýasyny satyn aldy. Bu kompaniýa “Skalisti Beregden” ulagly gideňde ýedi minutlyk uzaklykda we deňizden 100 metr uzaklykda ýerleşýän, ýöne könelen “Şingary” şypahanasyna gözegçilik edýärdi.
Bu kurorty ýykmak işleri birnäçe aýdan soň başlandy we FKK golaýda ýerleşýän ýer bölekleriniň birnäçesini satyn aldy, şol bir wagtyň özünde hem “Maknadan” bu töwerekde ýerleşýän käbir ýerleri kärendesine aldy. Geleşiklerde täze ösüş meýilnamalary teklip edildi, ýöne nämeleriň guruljakdygy aýdyň bolmady.
Medwedewiň dogduk mekany Sankt-Peterburg şäherine has ýakyn bolan “Newskiý” gaznasy 2023-nji ýylda şäher eteginde ýerleşýän iki gatly kotteži satyn aldy we ony 2024-nji ýylda Medwedewiň çagalykda tomusky dynç alyşlaryny geçiren, 2009-njy ýylda prezident hökmünde sapar eden Pawlowsk daçasyn goşdy.
Medwedew “Sistemanyň” “Naşa Prawda” we “Newskiý” gaznalary barada soran düşündiriş haýyşlaryna jogap bermedi. “Skalisti Bereg” hem düşündiriş baradaky haýyşa baş galdyrmady.
FKK-nyň baş direktory žurnalistiň jaň edýändigini eşidip, trubkany taşlady we messenjer arkaly iberilen soraglara jogap bermedi.
Makala gysgaldylyp çap edildi.
Forum