Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda Londona barýan ýolagçy uçar heläkçilige uçrady


Uçaryň bortunda 230 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bar eken.
Uçaryň bortunda 230 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bar eken.

Hindistanyň “Air India” awiakompaniýasyna degişli, bortunda 242 adam bolan ýolagçy uçar heläkçilige uçrady. Hadysa Hindistanyň Gujarat ştatynyň Ahmedabad şäherindäki aeroportyň golaýynda ýerleşýän Meghaninagar ýaşaýyş toplumynyň üstünde boldy. Ilkinji maglumatlara görä, hadysa uçaryň howa galan badyna ýüze çykypdyr.

“2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ahmedabad-London Gatwik ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan AI171 reýsi heläkçilige uçrady. Häzirki wagtda wakanyň jikme-jiklikleri anyklanýar we goşmaça maglumatlar mümkin boldugyça tiz berler” diýip, “Air India” kompaniýasy ilkinji beýanatynda habar berdi.

Heläkçilige uçran “Dreamliner” uçary Boeing kompaniýasy tarapyndan öndürilen iň täze model howa gämisidir.

“India TV” telekanalynyň habaryna görä, uçaryň gaçan ýerinde goýy tüsse asmana galdy. Uçar Ahmedabaddan Londona ugramalydy. Maglumatlara görä, uçaryň ekipažy uçuşdan gysga wagt soň gyssagly wehim signaly (SOS) iberipdir. Uçaryň bortunda 230 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bar eken.

XS
SM
MD
LG