Özbegistanyň Moskwadaky ilçihanasy Russiýanyň Daşary işler ministrligine diplomatiki nota iberip, onda Moskwadaky migrantlaryň ýaşaýyş jaýynda güýç gulluklarynyň geçiren ýowuz reýdine düşündiriş bermegi we rus kanun goraýjy gurluşlarynyň Özbegistanyň raýatlaryna edýän hereketlerine hukuk taýdan baha bermegi sorady.
Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ahror Burhanow özüniň Telegram-kanalynda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Moskwadaky bu wakalar 10-njy iýunda Özbegistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň işgärleriniň her aý geçirilýän duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Duşuşykda özbek diplomatlary Russiýanyň çäginde özbek raýatlaryna garşy geçirilýän rugsatsyz barlaglaryň we rehimsiz çemeleşmeleriň aladalanma döredýändigini belläpdirler.
“Biz şeýle wakalaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara düýbünden gabat gelmeýändigine ünsi çekdik we olaryň öňüni almak üçin anyk çäreleriň görülmelidigini nygtadyk” diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
8-nji iýunda Moskwada güýç edaralarynyň işgärleri migrantlaryň ýaşaýan jaýlarynda ýowuz reýd geçirdiler. Netijede migrasiýa düzgünlerini bozandygy aýdylýan birnäçe adam tussag edildi. Bu reýdiň wideolary sosial ulgamlarda giňden ýaýrady we ulanyjylarda nägilelik döretdi.