Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň baş diplomaty Aşgabada sapar eder – rus ilçisi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) türkmenistanly kärdeşi Raşid Meredow bilen. (arhiw suraty)
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) türkmenistanly kärdeşi Raşid Meredow bilen. (arhiw suraty)

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana sapar eder. Bu barada Aşgabatdaky rus ilçisiniň mälim edendigini onlaýn hökümetçi türkmen neşirleri habar berýär.

Iwan Wolynkiniň sözlerine görä, häzir Lawrowyň resmi saparyna taýýarlyk görülýär we onuň iýunuň aýagynda Aşgabada gelmegine garaşylýar.

Saparyň dowamynda garalmagy mümkin meseleler ýa-da gün tertibi aýdyňlaşdyrylmady.

Maglumata görä, Wolynkin Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna “ýokary baha berýändiklerini we muny gowy garşylaýandyklaryny” aýdypdyr.

Türkmenistanyň hökümeti Russiýanyň eýýäm tapgyr üçünji ýyl Ukrainadaky alyp barýan doly gerimli urşy barada resmi pozisiýasyny yglan etmän gelýär. Ýurduň media serişdeleri hatda uruşuň barýandygyny bir gezek hem agzamady.

XS
SM
MD
LG