Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde şertnama esasynda işleýän ofiserleriň arasynda işden meýletin çykmak üçin arza ýazýanlaryň sany köpelýär. Olaryň aýlyklaryndan we iş şertlerinden nägileligi muňa sebäp bolýar. Munuň bilen birlikde olaryň işden çykmagynyň öňündäki päsgelçilikler döredilýär. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaýy ýakyndan öwrendiler.
Harby gullukçylar, beýleki döwlet edaralarynda işleýänlerden tapawutlylykda öz ýolbaşçysynyň adyna arza ýazyp, öz islegi boýunça işden çykyp bilmeýändigini harby çeşmeler bellediler.
Türkmen harbylarynyň işden çykmak barada arzalarynyň ret edilýändigini, işde galmak islemeýän ofiserleriň şertnamasyny bir taraplaýyn bozup, madda esasynda işden boşadylmagyny soraýandygyny birnäçe çeşme gürrüň berdi.
"Goranmak ministrligi bilen ofiseriň arasynda iki taraplaýyn gol çekilen şertnamasyny bir taraplaýyn ýatyryp, şertnamany bozanlygy üçin madda esasynda işden boşadylmaga soraýan harbylaryň sany örän uly gerime ýetdi" diýip, ýaragly güýçlerdäki ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme aýtdy.
Çeşmeleriň ýene biri harbylaryň işden çekilmegine degişli düzgüniň tertibi barada gürrüň berip, şeýle diýdi: "Goşun bölüminde şertnama esasynda işleýän ofiser öz ýolbaşçysynyň adyna şertnamany bir taraplaýyn ýatyryp, özüni işden boşadylmagyny soraýar, onuň arzasyna ýolbaşçy 'garşy däl' diýip, gol çekýär özünden ýokarky harby ýolbaşçylara ugradýar. Şeýdip, arza boýunça soňky karar Goranmak ministrliginiň garamagynda bolýar, emma olaryň tas ählisi ret edilýär".
Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmelere görä, şeýle ýagdaý ýurduň dürli böleklerinde ýerleşýän harby edaralara we goşun bölümlerine degişli.
"Eger diwiziýanyň serkerdesi garşy däl diýip, gol çekenden soň, gury ýer goşunynyň buýrujysynyň garamagyna iberilýär. Ol hem gol çekenden soňra Goranmak ministrliginiň işgärler müdirligine, şertnamanyň şertlerini bozanlygy üçin madda esasynda ministr tarapyndan ahyrky gol çekilýär we işden boşadylýar. Ýöne ýazylýan arzalaryň 90 göteriminde ofiseriň arzasy kanagatlandyrylman, yzyna goýberilýär" diýip, harby çeşme aýtdy.
Çeşmeler harbylaryň işden çykmak, şol sanda şertnamany birtaraplaýyn ýatyrmak baradaky synanyşyklarynyň öňünde döredilýän päsgelçilikleriň ýokardan edilen tabşyryga baglydygyny aýdýarlar.
"Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysynyň näresmi dilden eden tabşyrygynda ofiserleriň işden çykmak üçin ýazýan arzalaryny dürli bahanalara esaslanyp, yzyna gaýtarmak görkezme berildi" diýip çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Azatly Radiosy bilen söhbetdeş bolan harbylaryň gürrüň bermegine görä, işden çykyp bilmeýän ofiserler özlerini işden kowdurmak ýaly çäreden hem gaýtmaýarlar.
"Ýöne harby gullukdan halys ýadan we ynamy gaçan serkerdeler, işden özüni kowdurmak üçin serhoş ýagdaýda gulluga gelmek, polkyň serkerdesi bilen kejeleşmek ýaly işlere baş goşýarlar" diýip, çeşme belleýär.
Azatlygyň habarçylary mundan öň güýç edaralarynyň, şol sanda ýaragly güýçleriniň harby gullukçylarynyň aýlyklarynyň pesligi sebäpli işini köpçülikleýin terk edýändigini habar beripdi. Hususan-da, 2023-nji ýylyň awgustynda Balkan welaýatynda 200-e golaý harby işgäriň öz arzalary bilen işden çykandygy mälim bolupdy.
Şu ýyyň başynda Balkanda öňki ofiserleriň biometriki pasportlary ellerinden alnypdy.
Bu ýagdaý ilatynyň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmek akymynyň ýaýbaňlanan döwründe ýüze çykdy. Ýogsa-da, döwlet býujetinden aýlyk alýan edaralaryň işgärleri ýurt ilatynyň maddy üpjünçiligi gowurak gatlagyny emele getirýär.
Býujetden aýlyk alýan işgärler arasynda harbylar şeýle-de hökümetiň ileri tutýan gatlagyny emele getirýär. Türkmen ýolbaşçylary onlarça ýyllaryň dowamynda harbylaryň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça çäreleri yglan edip geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum