Latwiýanyň Seými ýurduň deputatlaryny we döwlet işgärlerini Russiýa we Belarusa sapar etmegini gadagan edýän kanuny kabul indi. Indi olar bu ýurtlara gitmek üçin ýörite rugsatnama almaly bolar diýip, “Delfi” habar berýär.
Gadaganlyk döwlet syrlaryna ygtyýary bolan, möhüm infrastrukturalaryň howpsuzlygyna jogapkär şahslary, Içeri işler, Goranmak we Adalat ministrlikleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň işgärlerini, harby desgalarda işleýänleri, Korrupsiýa garşy göreş býurosynyň, salgyt polisiýasynyň we gümrük gullugynyň işgärlerini hem öz içine alýar.
Bu gadaganlygyň bozulmagy, döwlet gullugyndan boşatmak üçin esas bolup biler.