Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otagçy ýetmezçiligi 'düzgün bozanlar' bilen doldurylýar, polisiýa 'gowy pul ýasaýar'


Ýol polisiýasynyň ofiseri ulag eýesiniň 'düşündirişini' diňleýär. Arhiw suraty
Ýol polisiýasynyň ofiseri ulag eýesiniň 'düşündirişini' diňleýär. Arhiw suraty

Türkmen häkimiýetleri oba hojalygynda çuňlaşýan işçi güýji meselesini düzgün bozmakda aýyplanan raýatlaryň mejbury zähmetde ulanylmagy bilen çözmäge çalyşýar.

Bu ‘çykalga’ Ahal welaýatynyň potrat meýdanlarynda dörän otagçy ýetmezçiliginde hem synag edilýär diýip, sebitdäki habarçymyz habar berýär. Iş görmedik, aç-suwsuz işledilýän adamlara ekinini zaýaladan potratçylar häkimiýetler ertir öz çagalary şeýle güne düşse nätjekkä diýip soraýarlar.

Häzir hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan saklanan we dürli sebäpler ýa-da bahanalar esasynda 5, 15 gije-gündizlik möhletleri bilen tussag edilýänler “mejbury zähmetiň pidasy bolýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan adamlaryň özleri ýa-da hossarlary anonim söhbetdeşlikde aýdýar.

“Çilim çekdi, nas atdy, pyýadalar üçin ýörite bellenen geçelgeden geçmedi diýen ýaly ownuk düzgün bozulmalarynda saklanan we bellenen mukdardaky jerimeleri töläp bilmedik adamlar mugt işçi güýji hökmünde ulanylýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Arak içip, bejergi alanlaryň ezilmek howpy 'ýokary'

Şeýle-de, ençeme ýyl mundan öň spirtli içgileri içip, hojalyklary tarapyndan arza berlen we 90 günlük bejerişe ugradylan adamlaryň bir toparynyň häzir, spirtli içgileri içmeýän hem bolsalar, mugt işçi güýji hökmünde ulanylmak ähtimallygynyň köpelýändigi habar berilýär.

Eger adam goragsyz, ejiz hojalykda bolsa, bu ozal bir zaman 90 günlük bejerişe ugradylan, ýöne häzir içmeýän raýatyň potrat ýerlerine çekilip, gowaça meýdanlarynda otagçy edilmek töwekgelligini ýokarlandyrýar diýip, aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar aýdýarlar.

“Ömründe potrat meýdanlarynda işläp görmedik, daýhançylygy düýpden bilmeýän adamlary mugt işçi güýji edip ulanjak bolýarlar. Olardan diňe zyýan gelýär” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen potratçy daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, işçi, daýhan tapmaýan potratçylar ilkibada hukuk goraýjylaryň getiren adamlaryny işletmäge razy bolýar. Sebäbi olar gowaça meýdanlaryny mümkin boldugyça tiz otadyp, soň azot dökünini berip, gowaça tizräk boý alar ýaly, zerur bolan bejergi işlerini geçirmeli.

Hukuk goraýjylar her getiren adamlary üçin 50 manat alýarlar we, birnäçe potratçynyň tassyklamagyna görä, ol pullary öz aralarynda paýlaşýarlar.

“Meniň 15 gektar potrat ýerim bar. ‘Otagçy getirdik’ diýip, her gün 70-80 adam getirýärler. Kähalatlarda günortan adam getirip, ‘bulara ýarym salkynyň iş puluny beräý’ diýip, 25 manat soraýarlar. Daýhan tapylmansoň, başda razylaşmakdan başga alajym bolmady” diýip, kärendeçi daýhan öz tejribesini paýlaşdy.

Hukuk goraýjylar adamlary 'urup işledýärler'

Potratçynyň tassyklamagyna görä, hukuk goraýjy işgärler oňa ‘biz bularyň üstünde berk durup işlederis, seniň bärik, öz potradyňa gelip, üstlerinde duranyň gerek däl’ diýýärler we, getiren adamlaryny urup, güýç görkezip, paýyş sözleri ulanyp, işletmäge başlaýarlar.

“Men ilki ol tussaglara gaty gynandym, hukuk goraýjylar meniň bolýan zatlara şaýat bolmagymdan howatyrlanyp, meni derrew ugratmagyň ugruna çykdylar, ‘sen arkaýyn başga işleriň bilen boluber, öýlän salkynda geläý diýdiler. Men mallaryma aýlanyp, öýlän geldim we pullaryny hasaplaşdym” diýip, potratçy soň otag görmedik adamlaryň çapan gowaçalaryny görüp, has beter gynandygyny gürrüň berdi.

Emma onuň ‘indi gelmäň, bular ýaly ömründe iş görmedik adamlary getirmäň’ diýmegine garamazdan, polisiýa işgärleri ‘ýok, bular basym öwrener, hiç kim ejesiniň içinde öwrenmedi’ diýýärler we ertir ýene geleris diýip gidýärler.

Potratçy Azatlyga indi gowaça meýdanlaryny zaýalaýan otagçylara pul berip, goşmaça zyýana galmazlyk üçin berk durmaly boljakdygyny aýtdy.

Azatlyk Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda dörän işçi ýetmezçiligi, hususan-da haşal ot-çöp basan gowaça meýdanlaryndaky otagçy meselesi, soňky ýyllarda güýçlenen zähmet migrasiýasynyň oba hojalygyna ýetirýän täsirleri barada mundan öň hem habar beripdi. Ýöne ekin meýdanlaryna işçi getirip, kärendeçilerden pul alýan we olaryň geljekki hasyla ýetýän zyýan baradaky sözlerini diňlemeýän polisiýa işgärleri barada ilkinji gezek habar berilýär.

“...ýörite geçelgeden geçmedik, çilim çeken, nas atan adamlar nahar, çörek bermän işledilýär. Men iki gezek uly suw gutusynda suw eltip içirdim. Olaryň arasynda ýaňy orta mekdebi tamamlan çagalaram bar. Men ýurdumyzyň şu güne düşenine gaty gynanýaryn” diýip, potratçy ýolbaşçylaryň beýle işleriň edilmegine näme sebäpden rugsat berýändigine düşünip bilmeýändigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetlerinden ýurtda ilatyň goragsyz gatlagyna edilýän sütemler, giň ýaýrandygy aýdylýan mejbury zähmet barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG