Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, HAEA-niň borçnama berjaý edilmezligi kararyndan soň, gaýtawul berjekdigini aýdýar


HAEA-niň Wenadaky baş edarasynyň öňünde galgaýan baýdagy.
HAEA-niň Wenadaky baş edarasynyň öňünde galgaýan baýdagy.

Halkara atom energiýasy agentliginiň (HAEA) Dolandyryjylar geňeşi Eýranyň öz ýarag ýaýratmazlyk borçnamalaryny 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýerine ýetirmeýändigini yglan edip, resmi karar kabul etdi, Tähran bu göçümi bada-bat ýazgardy.

HAEA geňeşiniň çärýekleýin mejlisinde, 12-nji iýunda kabul edilen karar BMG-niň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň şu ýylyň aýagynda yzyna gaýtarylyp getirilmegini aňsatlaşdyryp biler.

Bu karara jogap hökmünde, Eýranyň Daşary işler ministrligi howpsuz zonada täze baýlaşdyryş meýdançasynyň dörediljekdigini we Fordow meýdançasyndaky birinji nesil (IR-1) sentrifugalaryň has kämilleşdirilen altynjy nesil (IR-6) görnüşleri bilen çalşyljakdygyny yglan etdi.

"Öň hem aýdyşymyz ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň bu syýasy karara jogap bermekden başga çäresi ýok" diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

HAEA-niň 35 agzaly geňeşi ABŞ we onuň Ýewropadaky ýaranlary – Ý3 diýlip bilinýän Angliýa, Fransiýa, Germaniýa tarapyndan teklip edilen karary 19 agzanyň goldamagynda, 3 agzanyň garşy çykmagynda, 11 agzanyň saklanmagyna kabul etdi.

AP-niň habaryna görä, "Eýranyň Eýranyň köp ýerindäki yglan edilmedik ýadro materiallary we işjeňlikleri boýunça agentlik bilen doly we öz wagtynda hyzmatdyşlyk etmek baradaky borçnamalarynyň hötdesinden 2019-njy ýyldan bäri köp gezek gelmezligi ... Howpsuzlyk Ylalaşygyndaky borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi bolýar" diýip, kararda aýdylýar.

Şeýle-de, kararda aýdylmagyna görä, HAEA-niň "Eýranyň ýadro maksatnamasynyň diňe parahatçylykly häsiýete eýedigine kepil geçip bilmezligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy jogapkärçilik çekýän organ hökmünde, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine degişli bolan soraglary döredýär".

Tähran bu kararyň kabul edilmeginiň 15-nji iýunda Omanda ABŞ bilen geçirilmekçi bolunýan ýadro gepleşikleriniň altynjy tapgyrynyň ýatyrylmagyna sebäp bolup biljekdigi ýa däldigi barada hiç bir zat aýtmady.

Ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň ylalaşyk teklibini milli bähbitlere "100% garşy" diýip häsiýetlendirip, ret edeninden soň, Eýran garşylykly teklip üstünde işleýär.

Daşary işler ministri Abbas Arakçi 11-nji iýunda eger-de islendik bir ylalaşygyň maksady Eýranyň ýadro ýaragyny edinmezligini kepillendirmek bolsa, bu ýagdaýda ylalaşyk gazanmagyň mümkin, bolup biljek zatdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol Eýranyň öz graždan, ýagny parahatçylyk maksatly ýadro programmasy üçin uran baýlaşdyrmak hukugyny, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islendik şertnamada berk garşy bolýan elementini özünde saklamalydygyny nygtady.

Tähran öz ýadro tagallalarynyň diňe raýat, parahatçylyk maksatlary üçin niýetlenendigini, harby maksatly däldigini öňe sürýär.

Şu aralykda, Ysraýylyň Eýrana hüjüm etmäge taýynlanýandygy we diplomatiýa başa barmasa, Trampyň ýaşyl çyrasyna garaşýandygy aýdylýar.

Eger-de özüne hüjüm edilse, Eýran ABŞ-nyň sebitdäki bazalaryna zarba urjakdygyny duýdurdy.

Forum

XS
SM
MD
LG