Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň giň gerimli urşuna garşy Kiýewi goldaýan ýurtlary Moskwa garşy ykdysady basyşlary güýçlendirmäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, Kreml uly adam pidalaryna ähmiýet bermeýär, ýöne ýeterlik derejedäki ykdysady basyş ony urşy tamamlamaga mejbur edip biler.
Zelenski 12-14-nji iýun aralygynda Pragada geçirilýän halkara howpsuzlyk konferensiýasynyň açylyş güni wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi. Onuň çykyşy Russiýanyň güýçleriniň Ukrainanyň rus serhedine ýakyn ýerleşýän, ikinji iri şäheri Harkiwe gijeki zarbany amala aşyrmagyndan birnäçe sagat soň boldy.
Ol şeýle-de ýurtlary dron önümçiligini artdyrmak tagallalaryny maliýeleşdirmäge we Russiýanyň hüjümlerine garşy goşmaça çäreleri görmäge çagyrdy. Zelenski Ukrainanyň rus prezidenti Wladimir Putiniň we onuň goşunlarynyň öňündäki “gorag çyzygydygyny” belledi.
“Eger bu çyzyk synsa, Putin has öňe gider” diýip, Zelenski Globsec konferensiýasynda çykyş etdi. Ol çykyşyny Çehiýanyň prezidenti Petr Paweliň giriş sözünden soň etdi.
Zelenski rus goşunlarynyň Putiniň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina doly gerimli çozuşyny başlany bäri, heläk bolanlary we ýaralananlary hem hasaba alanyňda, jemi bir milliondan gowrak ýitgä sezewar bolandygyny öňe sürdi.
Onuň aýtmagyna görä, Putiniň hökümeti “şeýle uly ýitgilere alada bildirmeýär”.
“Kremliň esasy alada edýän zady sanksiýalardyr, şol sanda nebitiň bahasyna girizilen çäklendirmelerdir” diýip, Zelenski aýtdy. Ol şeýle çäreleriň ýeterlik güýçli bolan ýagdaýynda Russiýanyň “uruş üçin maliýesini kesip, ony parahatçylygy gözlemäge mejbur edip biljekdigini” nygtady.
Ýewropa Komissiýasy şu hepdäniň başynda Ýewropa Bileleşiginiň 27 agzasyna Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasyny hödürledi. Onda Russiýanyň nebit söwdasyndan gazanýan girdejilerini çäklendirmek maksady bilen, rus çig nebiti üçin bahanyň iň ýokarky çägini häzirki 60 dollardan 45 dollara çenli azaltmak göz öňünde tutulýar.
Zelenski çykyşynyň başynda 1-nji iýunda Ukraina tarapyndan amala aşyrylan we “Kerep” diýlip atlandyrylan operasiýanyň üstünde hem durup geçdi. Şol hüjümde, dronlar ýük ulaglarynda Russiýanyň içine gizlin girizilip, rus strategik bombalaýjy uçarlaryna garşy ýakyn aralykdan zarba urupdy.
Dronlaryň uruşda ähmiýetiniň artýandygyny aýdyp, Zelenski Ukrainanyň dron önümçiligini artdyrmaga taýýardygyny, ýöne munuň üçin maliýeleşdirmegiň gerekdigini aýtdy.
“Biziň mümkinçiliklerimiz bar. Ýöne bize ýetmeýän zat maliýedir. Dron meselelerinde biziň hemmämiz duşmanlarymyzdan has öňde bolmalydyrys” diýip ol aýtdy.
Moskwa Kiýewiň we Günbataryň atyşyklary bes etmek baradaky çagyryşlaryny ret edýän we iki gezek geçirilen gepleşiklerde öňegidişlik gazanylmadyk wagtynda, Zelenski “Russiýany parahatçylyga gepleşikler arkaly çekmek mümkin däl” diýip belledi.
12-nji iýuna geçilýän gije Harkiwiň birnäçe etraby rus dronlarynyň zarbalaryna duçar boldy. Şäheriň häkimi Ihor Terehowyň aýtmagyna görä, ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi, mekdep meýdançasyna dron gaçyp, penjireler döwüldi.
Polisiýanyň maglumatyna görä, zarbalarda azyndan 15 adam ýaralandy, olaryň arasynda 2, 12, 16 we 17 ýaşyndaky çagalar hem bar. Ýaralananlaryň bäşisi hassahana ýerleşdirildi.
Forum