Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dynç alyş möwsüminde çagalaryň dilegçiligi problemasy ýitileşýär


Köçelerde dilegçilik edýän çagalaryň sany tomus aýlarynda has-da köpelýär. Aşgabat, 2024
Köçelerde dilegçilik edýän çagalaryň sany tomus aýlarynda has-da köpelýär. Aşgabat, 2024

Mekdep ýaşly çagalaryň arasynda dilegçilik edýänleriň sany köpelýär. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen Aşgabadyň köçelerinde pul soraýan çagalaryň, şeýle-de dürli ownuk hyzmatlary teklip edip, azyk we pul gazanmaga synanyşýan okuwçylaryň has köp göze ilýändigini habar berýär.

Dilegçilik edýän çagalary şu günler Aşgabadyň köp adamly ýerlerinde görse bolýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, Aşgabadyn demirgazygyndaky "Altyn asyr gündogar" bazarynda, Teke bazarda we bazaryň göçme satuw nokatlarynyň hatarynda, ulaglara ýangyç guýýan nokatlarda, sowda merkezleriň ýanynda we ulag duralgalarynda, metjidin girelgesinde dilegçilik edýän çagalaryň sany köp. Şeýle-de, çagalar elini serip, ýer asty pyýada geçelgelerinde oturýar.

Dilegçilik edýän çagalaryň ýaşy dürli.

"Iň kiçileri 6, 7, 8 ýaşly çagalar. Olar dilegçilik edýän çagalaryň dörtden bir bölegini emele getirýär. 10, 11, 12 ýaşly çagalar köplük bolýar" diýip, paýtagtly çeşme gürrüň berýär.

Şu günler paýtagtyň köçelerinde köp duş gelýän çagalaryň ýene bir bölegi ownuk harytlary satyp, ujypsyz gazanç edýär. Söwda merkezleriniň duralgalarynda duran awtoulaglary ýuwup, gazanç edýän çagalary hem görse bolýar.

"Ulaglaryň eýeleri çagalara maýda pul berýärler" diýip, çeşme belledi.

Çagalaryň ýene bir topary dükanlara baryp, öz hyzmatyny teklip edýärler.

"Dükan eýeleri we satyjylar dükandaky zir-zibilleri, çelekleri daşamak ýaly işleri tabşyrýarlar we möhletiniň gutarmagyna az wagt galan gutap, somsa, köke ýaly iýmitleri berýärler" diýip, ýene bir aşgabatly çeşme gürrüň berdi.

Has uly ýaşly mekdep okuwçylary, ýagny 14-16 ýaşly ýetginjekler restoranlarda hyzmatçy bolup, günlük işlerde işläp, gazanç edýärler.

Polisiýa işgärleri dilegçilik edýän ýa-da işleýän çagalary köplenç kowmak bilen çäklenýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň köpüsi ilatyň aglaba böleginiň dilegçilik edýän çagalaryň kyn ýagdaýyna düşünip, mümkinçiligine görä kömek berýändigini bellediler. Emma rehimsizlik görkezýänler hem bar.

"Polisiýa işgärleri, režimi goldaýan az sanly bol-elin durmuşda ýaşaýan adamlar, dilegçilik edýän çagalara rehimsiz hem-de düşen kyn halyna olaryň özleri günäkär ýaly garaýarlar we olar bilen gödek gürleşip, üstlerine azgarylýarlar. Käbirler çagalary kowup, özlerini ol çagalaryň hojaýyny ýaly alyp barýarlar" diýip, çeşme aýtdy.

Ýene bir aşgabatly "Türkmenistanda jemgyýet gatnaşyklary çüpreýär we dargamagyny dowam etdirýär. Adamlar her kim öz başyny ýekelikde çaramaly bolýar" diýýär.

Emma çagalaryň agyr işlerde işlemegine we dilegçilik etmegine degişli problema türkmen ýolbaşçylary tarapyndan we döwlet mediasynda düýpden gozgalmaýar.

Şeýle-de bolsa, ilatyň internetdäki aktiwligine berk gözegçilik edýän ýurtda sosial mediada propagandistik maglumatlaryny çap edýän käbir blogerleriň hasaplarynda soňky aýlarda dilegçilik edýän we ulag ýuwmak ýaly işi bilen gazanç edýän çagalary görkezýän wideolar köpeldi. Şeýle wideolarda geýnüwli gurply adamlaryň çagalaryň ýanyna baryp, olara utandyrýan sözleri aýdýandygyny we ýazgaryp ýazgy edýändigini görse bolýar.

Bu agyr sosial problema resmi derejede boýun alynmaýan we jemgyýetde gozgalmagyna ýol berilmeýän ýurtda kyn maddy ýagdaýdaky hor çagalara ulularyň basyş etmegi we kemsitmegi bilen bagly ýagdaýlar öň hem bolupdy. Hususan-da, Aşgabadyň polisiýasynyň dilegçi çagalary köpçüligiň öňünde kemsitmegine degişli ýagdaýlar ýüze çykypdy.

2021-nji ýylyň mart aýynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň mekdepleriniň birinde okaýan ýetginjek gyzyň aşgabadyň “Ylham” seýilgähiniň golaýynda dilegçilik edýän pursadynda polisiýa tarapyndan saklanyp, soň köpçüligiň öňünde ýazgarylyp, masgaralanandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda dilegçilik edýän çagalaryň sany soňky iki ýyl bäri tomus aýlarynda köpelýär. Dynç alyş döwrüne gabat gelýän bu ýagdaýda çagalaryň ençemesi girdeji gözläp, dürli işlerde işleýär, käbir çagalar dilegçilik etmekden başga çäre tapmaýar. Käbir çagalar iýjek çöreginiň aldasy bilen dilegçilik edýän bolsa, beýlekileri şeýdip, indiki okuw ýyly üçin mekdep esbaplaryna pul ýygnaýar.

"Türkmenistanda ähli halkyň gözüniň öňünde bolýan bu tragediýa Türkmenistanyň hökümeti biperwaý garaýar, görmezlige salýar. Türkmenistanyň hökümeti halkynyň bol-elin durmuşda ýaşaýandygyny aýdyp, daşary ýurtlarda hereket edýän jemgyýetçilik guramalaryny ynandyrmaga çalyşýar" diýip, aşgabatly çeşmeleriň ýene biri öz pikirini paýlaşdy.

Çagalaryň agyr ýagdaýy üçin tankyt edilýän Türkmenistanda çaga zähmetini düzgünleşdirýän degişli kanunlar bar. 2023-nji ýylda hökümet çagalaryň hukuklary boýunça çäre planyny hem tassyklady.

Türkmen hökümeti çaga zähmeti we dilegçiligi problemasyny resmi derejede boýun almaýan hem bolsa, iş ýüzünde käbir çäreleri amala aşyrmak bilen problemany gytaklaýyn boýun alýar. Hususan-da, ýurtda dilegçilik edýän çagalaryň sanyny mugallymlaryň hasabyna azaltmak ýaly ädimler amala aşyryldy.

Balkanda bilim resmileri barha köpelýän dilegçi çagalaryň jogapkärçiligini mekdep mugallymlarynyň üstüne atyp, olardan dilegçilik edýän çagalaryň eklenji üçin her aý belli bir möçberdäki maddy serişdäni bermegi talap edipdi.

Ilat köpçüligi çagalaryň dilegçilik etmeginiň esasy sebäbini ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen baglaşdyrýarlar.

"Hojalyklaryň ekleýjileri daşary ýurtlarda eklenç üçin sergezdan bolsalar, yzynda galan çagalary ejesi, kakasy diri wagty ýetim hala düşüp, öz iýjegini özleri tapmaly bolýarlar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Uzaga çeken ykdysady krizis Türkmenistanyň ilatynyň bir böleginiň daşary ýurtlara iş migrasiýasyna gitmegine iterdi, ilatyň ýene bir bölegi ýurduň içinde iş gözläp, bir ýerden başga ýere göçüp, günlükçi ýa-da hojalyklarda talaban bolup gazanç etmäge mejbur boldular.

Çagalaryň 'elýetersiz' dynç alyşy
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:26 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG