Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklara “alada” bildirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistan özüniň günorta goňşusy Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna garşy Ysraýylyň amala aşyran zarbalary bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar sebitinde dartgynlylygyň güýçlenmegine “alada” bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 13-nji iýunda giçlik ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ysraýyl 13-nji iýuna geçilen gijeden bäri Eýranyň dürli sebitlerindäki ýadro desgalaryna we beýleki harby nyşanalaryna giň gerimli howa zarbalaryny amala aşyrýar. Bu hüjümlerde ýokary derejeli harby ýolbaşçylar hem öldürildi. Hadysa regionda giň gerimli urşuň döremek howpuny güýçlendirdi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň beýanatynda, ýurduň bitaraplyk statusy bellenip, Aşgabadyň syýasy ýa-da başga meseleleriň çözgüdi hökmünde güýç ulanmagy ýa-da güýç ulanmak haýbatyny “kabul etmeýändigi” aýdylýar.

Türkmenistan ähli çylşyrymly ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, BMG-niň Düzgünnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumy arkaly çözmegiň zerurdygyny nygtady.

Mundan öň, Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu Eýrana garşy zarbalaryň “Ysraýylyň ýaşamagyna gönüden-göni abanýan Eýran howpuny ýok etmek üçin amala aşyrylandygyny” aýtdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi Ysraýylyň eden bu hüjümleriniň “örän agyr netijelere getirjekdigini” duýdurdy.

Eýranyň 14-nji iýuna geçilýän gije Ysraýyla garşy atan raketalary netijesinde azyndan 70 töweregi adam ýaralandy.

Forum

XS
SM
MD
LG