Ahal welaýatyna degişli etraplarda ekin meýdanlaryndaky bugdaý hasyly ýygylýar. Ýerli daýhanlar özlerinden her bir gekdardan 5 tonna bugdaýy ýygnamagyň talap edilýändigini aýdarlar, ýerli häkimiýetler bolsa kärendeçileriň işine güýçli gözegçilik alyp barýarlar.
Şu günler bugdaý meýdanlarynda hasyl ýygnaýan kärendeçileriň ýanynda gözegçi ýerleşdirilýär. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna habar beren ahally çeşmeleriň sözlerine görä, daýhanlara gözegçilik edýän toparlaryň düzüminde şol sanda arçynlyk işgärleri we kanun goraýjyar bar.
"Potrat meýdanynyň başynda 5-6 adam berkidilýär, olaryň arasynda kanun goraýjy işgärler, arçynlyk işgärleri we mugallymlar bar" diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.
Ýene bir ahally daýhan ekin meýdanlarynda işleýän tehnikanyň sürüjileriniň gapdalyndan hem ýörite gözegçiniň oturdylýandygyny belledi.
"Kombaýn potratlarymyza girip bugdaýymyzy ýygýar. Bugdaý meýdanymyzda her bir kombaýn sürüjisiniň ýanyna bir adam oturdylýar. Muny şol bugdaý meýdanyň potratçysy bilen kombaýn sürüjisiniň öz arasynda dil birikdirip, bugdaý ogurlanmaz ýaly edilýär" diýip, ahally kärendeçi gürrüň berdi.
'Bugdaýyň bir dänesi alnyp galmaz ýaly'
Hasyl oragyna we gallaçy kärendeçileriň işine gözegçilik edýän toparlaryň düzümine girýän adamlaryň ýagny gözegçileriň sözlerine görä, olaryň esasy wezipesi galla ogurlygynyň öňüni almakdan we bu işe baş goşýan kärendeçileri anyklamakdan ybarat.
"Biz bul meýdanlara şol bugdaýyň bir dänesi alynyp galmazlygy üçin bellendik. Onsoň bizem düşünýäris daýhanlaryň ýagdaýyna, emma biz biri-birimizi tanamyzok. Aramyzda biri şugulçy çykaýsa, bizi uly jogapkärçilige çekip bilerler" diýip, etraplaryň birinde galla oragyna gözegçilik edýän topara girýän ahally aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň ýene biri kombaýn sürüjisiniň hem şu ýyl basyş astynda işlemeli bolýandygyny gürrüň berdi.
"Her bir gekdardan 5 tonna bugdaý hasylynyň ýygnalmalydygyny aýtdylar. 'Kombaýnda terezi bar näçe bugdaý oranymyz görkezilýär' diýip aýtdylar" diýip, kombaýn sürüjisi aýtdy.
Daýhanyň 'haky bozulýar'
Daýanlar hasyl ýygnamak işine gözegçiligi güýçlendirýän häkimiýetiň öňden bäri gelýän esasy problema üns bermeýändigine we daýhanyň azabynyň netijeliligini gaçyrýandygyna ünsi çekýärler. Olaryň sözlerine görä, bugdaý tabşyrylan pursadynda onuň agramynyň kemeldilip ýazylmagy daýhanlar üçin agyr zarba bolmagynda galýar.
"Biz orulan bugdaýlarymyzy bugdaý ammaryna tabşyranymyzda ilki bilen tereziçi kemeldip ýazýar, soň çiglylyk diýip, ýene 16 prosent aýyrýarlar, hapasy diýip, ýene-de aýyrýarlar. Şeýdip, daýhanyň bar eden azabyny puça çykarýarlar we höwesini gaçyrýarlar" diýip, gallaçy gürrüň berdi.
Ýene bir kärendeçi hasyl tabşyrylanda, her bir kärendeçiniň haky "tonnalap iýilýär", emma muňa garşy çykanlaryň şikaýaty diňlenmeýär diýdi.
"Hakymy iýdi, täzeden terezä mündüreli we täzeden ölçäli, tomsuň ortaky aýynda bugdaý nädip 16 prosent çig bolýar diýsem, ol 'ine hol gün ýagyn ýagdy, agşam çig düşip bilýär, şol sebäpden köp goşup aýyrýarys' diýip jogap berýär" diýip, daýhan öz nägileligini paýlaşdy.
"Daýhanlaryň azap edip, ýetişdiren hasylyny ýygýan döwründe ýanyna 6-7 adam goýup, gözegçilik edýärler. Emma ammardaky tereziçilere we beýleki işçilere gözegçilik etseler bolmazdymy. Daýhan görgüli azap edip ýetişdirip, soňam aç-açan talanýar" diýip, kärendeçi aýdýar.
Ahally kärendeçiler, geçen ýylky bugdaý hasylyndan alan girdejisiniň örän ujypsyz bolandygyny gürrüň berip, her gekdardan alnan hasylyň girdejisiniň aýyna 200 manatdan düşmändigini gürrüň berdiler we bu puluň hatda ýylyň dowamynda iýmitlenmek üçin hem ýetmeýändigini belläp, dükanlardan azygy ýazdyryp, karz satyn alýandygyny gürrüň berdiler.
Geçen ýyl Türkmenistanda gallaçy we pagtaçy kärendeçileriň ençemesi ýetişdiren hasylyny tabşyranda hökümete bergili bolup, prokuratura tarapyndan soraga çekilipdi.
Türkmenistanyň hökümeti ençeme ýyl bäri ýyllyk galla hasylyny 1,4 million tonna mukdarda kesgitleýär.
Şol bir wagtda, ýurtda 7 ýyl bäri un we çörek gytçylygy saklanýar. Muny resmi taýdan boýun almaýan hökümet daşary ýurtlardan satyn alýan bugdaýynyň we ununyň mukdaryny artdyrýar.
Şu ýylyň başynda TASS agentliginiň Orsýetiň "Agroexport" federal merkezine salgylanyp, beren habaryna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan rus bugdaý ununy import edýän ýurtlaryň ilkinji üçlügine giripdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum