Türkmenistan Ysraýylyň Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna garşy amala aşyran zarbalary bilen baglylykda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa aladalanma bildirýär. Resmi Aşgabat duldegşir goňşusy Eýran bilen serhetden öz giňişligine geçýän daşary ýurtlulara ynsanperwer kömegini amala aşyrýandygyny aýdýar, Azatlygyň çeşmeleri ýurt harbylarynyň ýokary taýýarlyk derejesini güýçlendirendigini habar berýärler.
"13-nji iýunda eýrana hüjüm edilen wagtynda türkmen harbylary raketalaryň türkmen tarapyna tötänden uçup gelmeginden alada edip Howa goranyş sistemalaryny taýýarlyk derejesine getirip, üç gün bäri dik aýak üstünde nobatçylyk çekýärler" diýip, harby çeşme 16-njy iýunda habar berdi.
Ysraýyl 13-nji iýuna geçilen gijeden bäri Eýranyň dürli sebitlerindäki ýadro desgalaryna we beýleki harby nyşanalaryna giň gerimli howa zarbalaryny amala aşyrdy. Bu hüjümlerde Eýranyň ýokary derejeli harby ýolbaşçylary hem öldürildi. Eýran öz ýadro programmalaryna garşy başlan harby operasiýa jogap edip, Ysraýyla zarba urýar. Soňky üç günüň dowamynda Eýranyň Ysraýyla uran zarbalarynyň netijesinde 20 töweregi adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy.
Türkmenistan 14-nji iýunda bu ýagdaýa resmi reaksiýa bildirdi, emma öz giňişligindäki harby taýýarlyklary agzamady.
Türkmenistan özüniň günorta goňşusy Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna garşy Ysraýylyň amala aşyran zarbalary bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar sebitinde dartgynlylygyň güýçlenmegine “alada” bildirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 13-nji iýunda giçlik ýaýradan beýanatynda ýurduň bitaraplyk statusy bellenip, Aşgabadyň syýasy ýa-da başga meseleleriň çözgüdi hökmünde güýç ulanmagy ýa-da güýç ulanmak haýbatyny “kabul etmeýändigi” aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmenistanly çeşmeler türkmen harbylaryna 15 günüň dowamynda güýçlendirilen tertipde nobatçylyk çekmegiň tabşyrylandygyny belläp, hususan-da radiasiýany ölçeýji gurallaryň işledilendigini aýtdylar. Şeýle gurallaryň Eýran bilen serhetdäki Sarahs, şeýle-de Aşgabadyň we Magtymguly etrabynyň garnizonlarynda ýerleşýändigini çeşmeler belledi.
"Serhetde himik polklar radiasiýany ölçeýärler. Türkmenbaşydan eýran tarapda atylýan raketalar görünýär. Günbatar eýrandaky territoriýadan Türkmenbaşa çenli 500 kilometr aralyk bar" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Türkmenistanyň Eýran bilen 1148 kilometrlik umumy serheti bar.
Türkmenistanyň daşary işler ministrligi 16-njy iýunda ýene bir resmi beýanat ýaýradyp, Eýrandan gelýän daşary ýurtlylara ynsanperwer kömegini berýändigini habar berdi.
"Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär" diýlip DIM-niň beýanatynda aýdylýar.
Resmi habara görä, 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçipdir, olaryň arasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary. Gelen adamlaryň awtoulaglar, iýmit, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edilýändigi aýdylýar.
Bu aralykda Azatlygyň çeşmeleri Eýranyň raýat awiasiýasynyň Türkmenistanyň giňişliginde peýda bolandygyny habar berdiler.
Balkanabadyň we Aşgabadyň howa menzillerindäki ýagdaýdan habarly çeşmeler Eýrandan ýolagçy uçarlaryň onlarçasynyň Balkanabadyň halkara howa menziline kabul edilendigini we paýtagtyň howa menzilinde hem birnäçe uçaryň bardygyny habar berdiler.
"Uçarlaryň gonmagyna rugsat berildi. Bu elbetde hoşniýetli goňşuçylyk maksadyna bagly. Olar harby maksatly uçarlar däl, raýat awiasiýasyna degişli" diýip, Türkmenistanyň awiasiýa pudagyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri aýtdy.
Çeşmeler eýranly uçralaryň Balkanabadyň aeroportunda 12-nji iýunda peýda bolup başlandygyny bellediler.
"Uçarlar Ysraýylyň hüjüminden bir gün öň Türkmenistana ýerleşdirilip başlandy" diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumaty resmi taýdan tassykladyp bilmedi.
Şeýle-de, çeşmeler Eýranyň howa giňişliginiň ýapylmagyndan soň daşary ýurt uçarlarynyň birnäçesiniň Türkmenistana wagtlaýyn gonmaga mejbur bolandygyny habar berdiler.
"Balkanabat we Aşgabat howa menzillerinde gazak, rus ugurlary we Dubaýa barýan eýran uçarlaryna wagtlaýyn gonmaga hem rugsat berildi. Eýrana uçar gatnamaýandygy sebäpli olar Türkmenistana gonup durlar" diýip çeşme 15-nji iýunda belledi.
Eýranyň howa giňişliginiň ýapylmagy sebäpli Aşgabat bilen Dubaýyň arasyndaky birnäçe uçuşyň ýatyrylandygyny Turkmen.news neşiri habar berdi.
Garaşsyz neşir 13-nji iýunda "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Dubaýa we yzyna "TUA811" we "TUA812" reýslerini ýatyrandygyny, emma şol gün "FlyDubai" kompaniýasynyň Aşgabada "FZ731" reýsini amala aşyrandygyny ýazdy.
Neşiriň ýene bir maglumatynda 13-nji iýunda Aşgabadyň howa menzili planlaşdyrylmadyk birnäçe halkara ýolagçy uçarynyň kabul edilendigi, Eýranyň üstünden asmanyň ýapylmagy sebäpli iki sany “FlyDubai” uçarynyň, şeýle hem “Jazeera” we “S7” uçarlarynyň Türkmen paýtagtynyň howa menziline gyssagly gonandygyny habar berdi.
"Ýolagçylar terminalda 12 sagatdan gowrak wagt geçirdiler. Olar kadaly iýmit bilen üpjün edilmändigini, olara myhmanhana hödürlenmändigini we daşarky dünýä bilen aragatnaşyksyz galandyklaryny habar berdiler" diýip, Turkmen.news ýazýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna görä, ýurt içinde Eýrandaky ýagdaýlaryň ykdysady täsiri hem duýlup başlapdyr. 13-nji iýundan serhet gümrügi türkmen raýatlaryny Eýrana geçirmeýär, emma eýran tarapyndan ýük ulaglara Türkmenistana geçmäge rugsat berilýär. Bu aralykda bazarlarda eýran harytlarynyň bahasy gymmatlap başlapdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum