Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Harkiwe uran zarbasynda azyndan 15 adam ýaralandy


Russiýanyň Harkiw uran zarbasynyň netijeleri
Russiýanyň Harkiw uran zarbasynyň netijeleri

Russiýanyň 12-nji iýuna geçilýän gije Ukrainanyň Harkiw şäherine dronlar bilen amala aşyran hüjümi netijesinde azyndan 15 adam ýaralandy. Olaryň bäşisi hassahana ýerleşdirildi diýip, oblast polisiýasy habar berdi. Ýaralananlaryň arasynda 2, 12, 16 we 17 ýaşyndaky dört çaga bar. Iki ýaşly oglan hassahana äkidildi.

“12-nji iýuna geçilen gije rus goşunlary howa hüjüm serişdelerini ulanmak bilen Harkiwe ýene-de zarba urdy. Köp gatly we hususy ýaşaýyş jaýlaryna, dükanlara, mekdeplere, çagalar bagyna, ulaglara zyýan ýetdi…” diýip, Harkiwiň polisiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Harkiwiň häkimi Ihor Terehowyň sözlerine görä, şäherde jemi 11 zarba hasaba alyndy.

11-nji iýunda Harkiwe edilen başga bir giň gerimli zarbanyň netijesinde, soňky maglumatlara görä, dört adam öldi, onlarçasy hem ýaralandy.

XS
SM
MD
LG