Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada Ukrainanyň Azow polkunyň 24 agzasynyň kazyýet işi başlandy


Azowçylaryň kazyýet işi başlandy.
Azowçylaryň kazyýet işi başlandy.

Russiýanyň Don boýundaky Rostow şäherindäki harby kazyýet 15-nji iýunda Ukrainanyň Azow polkunyň 24 agzasynyň kazyýet işine seretmäge başlady, uruş ýesirleri Russiýa garşy terrorçylykda aýyplanýar.

Aýyplanýanlaryň arasynda Russiýanyň gabawy wagtynda Mariopoldaky Azowstal zawodynda aşpez bolup işlän aýallar hem bar.

Jenaýat işlerine seredilýänleriň ikisiniň, Dawwid Kasatkin we Dmitriý Labinskiniň ozal tussag edilen ruslaryň deregine ukrain häkimiýetlerine tabşyrylandygy aýdylýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Mihailo Podolýak twitterde bu kazyýet işiniň "resmi uruş jenaýatyna" barabar bolandygyny ýazdy.

Azow polky günorta Mariupol şäherinde birnäçe aýlap, 2500 töweregi şäher goragçysy geçen ýylyň maý aýynda tabyn bolýança, rus goşunlaryna garşy söweşdi.

XS
SM
MD
LG