Telekeçi Ilon Mask özüniň eýeçiligindäki X sosial ulgamynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp barada geçen hepde ýazan “käbir postlary” üçin ötünç sorady.
“Olar aşa öte geçdi” diýip, Mask ýazdy.
Mask bilen Trampyň arasyndaky gapma-garşylyk Maskyň Hökümetiň netijelilik departamentiniň ýolbaşçysy wezipesinden çekilmeginden soň başlady. Mask Tramp tarapyndan teklip edilen býujet kanun taslamasyna we salgyt ýeňillikleriniň uzaldylmagyna aç-açan nägilelik bildirdi. Tramp bu taslamany “uly we owadan kanun” diýip häsiýetlendirse, Mask ony “ýaramaz ýigrenjilik” diýip atlandyrdy we bu kanunyň kabul edilmegi ABŞ-nyň onsuz hem uly uly döwlet karzyny has hem ýokarlandyrjakdygyny aýtdy.
5-nji iýunda Tramp bilen Mask sosial ulgamlarda aç-açan çekeleşik geçirdiler: Mask X sosial ulgamynda ýazsa, Tramp Truth Social arkaly jogap berdi. Mask hatda öz hemaýaty bolmadyk bolsady, Trampyň prezident saýlawlarynda ýeňlişe sezewar boljakdygyny öňe sürdi.
Tramp jogap hökmünde Masky “akyl taýdan durnuksyz” diýip atlandyrdy we onuň SpaceX hem-de Starlink ýaly älem taslamalarynyň maliýeleşdirilmeginiň bes edilmegi bilen haýbat atdy.