Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda türkmen futbolçylary Taýlandyň toparyny ýeňdi


Türkmenistanyň futbol boýunça saýlama topary
Türkmenistanyň futbol boýunça saýlama topary

Türkmenistanyň futbol boýunça saýlama topary, 2027-nji ýyl üçin Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynyň ikinji oýnunda öz meýdanynda, Taýlandyň futbolçylaryny ýeňdi.

10-njy iýunda paýtagtyň “Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşyk 3:1 hasaby bilen jemlendi.

Türkmenistanyň çykyş edýän D toparçanyň beýleki duşuşygynda Şri-Lankanyň milli ýygyndysy öz meýdanynda Hytaý-Taýpeýiň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Soňky oýunlardan soň, Türkmenistanyň topary 6 utuk gazanyp toparçada birinji orny eýeledi. 3 utukdan toplan Taýlandyň hem-de Şri Lankanyň ýygyndy toparlary degişlilikde ikinji we üçünji orunlarda ýerleşdiler. Sanawyň iň aşaky ornunda 0 utuk bilen Hytaý-Taýpeýi ýerleşýär.

Türkmen futbolçylary nobatdaky duşuşygyny 9-njy oktýabrda myhmançylykda Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň maglumatyna görä, saýlama oýunlaryň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.

Türkmen futbolçylary Aziýa Kubogynyň final tapgyryna iki gezek gatnaşdy. Ilkinji gezek 2004-nji ýylda Hytaýda geçen, ikinji gezek bolsa 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçen ýaryşa gatnaşdy. Aziýa Kubogy dört ýyldan bir gezek geçirilýär.

Maý aýynyň aýagynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi täzelenip, bu wezipä Federasiýanyň öňki tehniki direktory Röwşen Meredow bellendi.

XS
SM
MD
LG