Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýada mekdepdäki ok atyşlykda 11 adam öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

10-njy iýunda Awstriýanyň Grats şäherindäki gimnaziýada bolan ok atyşlyk netijesinde 11 adam heläk boldy. Wakada ýaragdan ot açanyň bu mekdebiň öňki okuwçysy bolandygy aýdylýar. Maglumata görä, ol soňra öz janyna kast edipdir.

APA agentliginiň habaryna görä, öldürilenleriň arasynda okuwçylar hem-de mugallymlar bar. Ýaralananlaryň biriniň giçlik hassahanada ýogalandygy mälim edildi. Muňa çenli pidalaryň sany 9 diýip habar berlipdi. Ölenleriň ýene biri ot açanyň özi. Ýaralananlaryň sanynyň 10-dan gowrakdygy we olaryň käbiriniň ýagdaýdynyň agyrdygy aýdylýar.

Ok atyşlygyň sebäbi barada häzirlikçe resmi maglumat ýok. Ýaragdan atanyň ady köpçülige mälim edilmeýär, onuň 21 ýaşyndadygy aýdylýar. Bar bolan maglumata görä, ol Awstriýanyň raýaty we hüjümi amala aşyran gimnaziýada okapdyr, emma okuwy tamamlamandyr. Kronen Zeitung neşiriniň ýazmagyna görä, ol özüni kemsitmelere sezewar edilen ýaly duýupdyr.

Şaýatlaryň sözlerine görä, hüjümçi gimnaziýanyň iki synpyny oka tutupdyr.

Awstriýanyň kansleri Kristian Ştoker bu pajygaly waka sebäpli Gratsa geldi. Ol ýurtda üç günlük matam yglan ediljekdigini mälim etdi. Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary we beýleki ýurtlaryň wekilleri gynanç bildirdiler.

XS
SM
MD
LG