Rus goşunlary 2022-nji ýylyň maý aýynda weýran bolan Mariupol şäherinde ukrain garşylygynyň soňky binýadyny gabanda, Ihor Titowskiý maşgalasyny iň erbet ýagdaýa taýýarlady we duýguly telefon gepleşiginde özüniň jaýlanyş çäresine degişli görkezme berdi.
"Aljyramaga zerurlygynyň ýokdugyny aýtdym: Bedenimi al-da, jaýla" - diýip, şol wagtky uly leýtenant we häzirki wagtda kapitan Titowskiý öz ejesine aýdanlaryny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. "Ejeme muny eşitmek agyrdy, ýöne başga hiç hili çykalga ýokdy" diýip, Titowskiý belledi.
"Ahlak taýdan, galan söweşijileriň hemmesi diýen ýaly biziň diri galmajakdygymyza düşünýärdi"- diýip, Titowskiý, - "Munuň diňe haçan boljakdygy soragdy" diýdi.
Emma jynaza meselesi soňa galdy. Onuň ejesi bilen telefon gepleşiginden kän wagt geçmänkä, "Azowstal" polat zawodynda oturan Titowskiý we beýleki ukrainalylar - olaryň köpüsi Azow brigadasynyň agzalarydy - Kiýewiň buýrugy bilen ýesir düşmäge boýun egmeli boldular. Bu ýagdaý Russiýanyň Ukraina goşun salmagynyň üçünji aýynda bir wagtlar gülläp ösen şäheri doly basyp almagyna sebäp boldy.
86 gününi Azowstalda geçiren Titowskiý üçin agyr synaglar şonda başlandy. Ol we tussag çalyşygynda boşadylan beýleki tussaglar 846 günläp başdan geçiren ýesirlikde agyr ýenjilmelere, elektrik togy bilen gynalmagyna, açlyga we beýleki zorluklara sezewar boldular. Ol 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Belarusdan awtobusly Ukrainanyň serhedine getirilende, agramy bary-ýogy 50 kilograma ýetýärdi.
Halas bolmaga bagty çüwdi
Mariupolda ýesir alnan Titowskiý we Azow brigadasynyň beýleki agzalary Russiýanyň uzak wagtlap basyp alan Donetsk sebitiniň bir bölegindäki Oleniwkadaky türmä äkidilipdi. Ol ýerde, söweşdäki iň ganly wakalardan biri bolan 2022-nji ýylyň 28-29-njy iýuly aralygynda azyndan 50 tussagy öldüren güýçli partlamada halas boldy.
Russiýa bu partlamalaryň ukrain güýçleri tarapyndan uçurylan HIMARS raketalary sebäpli ýüze çykandygyny öňe sürdi, emma BMG-nyň Adam hukuklary boýunça gullugy: "Ýetirilen zeperiň görnüşi, planlaşdyrylan zarbanyň gündogar-günbatar traýektoriýasynda amala aşyrylandygyny çaklamaga esas berýär", diýip, başgaça aýdylanda, onuň Russiýanyň gözegçiligindäki ýerlerden gelendigini belledi.
"Oleniwkadaky jeza koloniýasynda ölenler we ýaralananlar üçin jogapkärçiligiň ýoklugy, ukrainaly uruş ýesirleriniň giňden we yzygiderli gynalmagy bilen bagly giň ýaýbaňlanan ýagdaýlara gabat gelýär" diýlip, BMG-niň 2024-nji ýylda çap eden hasabatynda aýdyldy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý şol partlamany "bilkastlaýyn edilen rus söweş jenaýaty" diýip atlandyrdy. Birleşen Milletler Guramasy, Russiýanyň derňew işlerine päsgelçilik döretmegi, fiziki subutnamalary zaýalap, BMG-niň gözegçilerine partlamanyň bolan ýerine salmakdan ýüz öwürmegi sebäpli ýanwarda hakykaty anyklamak boýunça işlerini bes etmeli bolupdy.
Titowskiý üçin sütemleriniň we zulumyň iň erbetleri soň başlandy. Ol Oleniwkadaky partlamalarda diri galan beýleki adamlar bilen bilelikde Russiýanyň serhetden uzak bolmadyk Taganrog türmesine iberildi we dessine rehimsiz zorluklar bilen ýüzebe-ýüz boldy.
"Eger muny şeýle atlandyryp bolýan bolda, bizi elhenç ýençdiler" -diýip, Titowskiý sütemiň aýylgançlygyny suratlandyrmak üçin söz tapmagyň kyndygyny belledi, - "20 ýaşyndaky, dogumly we güýçli ýigitler bardy, ýöne hatda olar hem huşuny ýitirýärdiler, bizi şeýle bir gaty ýençdiler" diýip, Titowskiý gürrüň berdi.
Azow Brigadasy
Häzir Ukrainanyň Milli gwardiýasynyň bir bölegi bolan Azow brigadasy 2014-nji ýylyň maý aýynda Russiýa Krym ýarym adasyny Ukrainadan basyp alandan we Donbas ady bilen tanalýan gündogar sebitde söweş başlandan gysga wagtyň içinde sagçy ýaragly meýletinçilerden düzülen batalýon hökmünde döredilipdi.
Ukrainanyň Zaporižýa sebitinden bolan Titowskiý 2014-nji ýylda rus hüjümi başlananda ýurdy goramak islegi bilen goşuna goşulupdy. Ol Azow brigadasy bilen 2021-nji ýylyň noýabr aýynda hyzmatdaşlyk edip başlady.
Titowskiý Taganrog türmesinde geçiren üç aýynyň dowamynda üç günläp dowam eden sorag edişlikde "aýaklarynyň urlup döwülendigini" aýtdy.
Soň Titowskiý Russiýanyň Kamişin şäherindäki has elhenç türmä iberildi we Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) işgärleriniň elektrik togy bilen gynamalaryna sezewar bolandygyny aýtdy.
"Bu täze dowzahdy, sebäbi olar şoker ulanmagy gaty gowy görýärdiler" -diýip, men "beýle zada ilkinji gezek duş gelipdim" diýip gürrüň berdi.
"FSB [işgärleri] meni iki günläp elektrik togy bilen sorag etdiler. Olar kelläme halta geýdirdiler, ellerimi arkamdan daňdylar we meni ýere okladylar ... Ikisi meniň üstümde oturdylar we tok ulandyrlar" diýip Ihor Titowskiý ýatlaýar.
Titowskiniň adaty agramy 70 kilogramdy. Kamyşin türmesinde tussaglara "günde üç gezek 150 gram kaşa" berildi. "Uly adam üçin bu gaty azdy" diýip, Titowskiý ýatlaýar.
Mundan başga-da, ýesirler çalt iýmäge mejbur boldular. Ol kimdir biri naharyny tiz iýip gutarmasa, ýesirleriň ählisiniň indiki naharyny azaltmak bilen jeza berlendigini gürrüň berdi.
Bu agyr şertler diňe türmä resmi bir komissiýa geleninde ýa-da bir gezek Gyzyl Haç guramasynyň wekilleriniň sapary wagtynda üýtgedilipdir we tussaglara göz üçin käbir zatlar berilip, ýöne olary ulanmak gadagan edilipdir.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Titowskiý ýene Belgoroda göçürildi we beýleki tussaglar bilen bilelikde garawullaryň özlerini mylakatly alyp baryşyna we kameralardaky “arassa düşekleri" görüp geň galdy.
"Irden bizi çykardylar we [rus] ýörite güýçleriniň ofiseri: "ýigitler, öýe barýarsyňyz. Maşgalalaryňyza salam aýdyň " - diýdi.
Ýöne Titowskiý muny öň hem eşidipdi we gowulyga garaşmandy. Ol diňe Ukraina serhedine alyp barýan raýat awtobusyna mündürlende umytlandy.
Bu, 13-nji sentýabrda anna güni bolan ýagdaý. "Awtobusdan düşenimizde biz bir belgi gördük we gülüp başladyk: sagat wagtyň 13:13 bolandygyny görkezýärdi" diýip, Ihor Titowskiý ýatlaýar.
"Kimdir biri maňa aýyň 13-nji güni anna betbagtçylykly gün diýse, men muňa ynanmaryn" diýip, Titowskiý, -"Bu, meniň durmuşymyň iň bagtly senesi we iň bagtly güni boldy. Watanyňyza gaýdyp barmak - sözüm ýok"
Forum