Ysraýyl Eýranyň dürli sebitlerindäki ýadro desgalaryna we beýleki harby nyşanalaryna garşy giň gerimli howa zarbalaryny amala aşyrdy. Bu hüjümlerde ýokary derejeli general bilen iki sany uly harby ýolbaşçy öldürildi. Hadysa regionda giň gerimli urşuň döremek howpuny güýçlendirdi.
Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, Ysraýylyň zarbalary bilen Tähranda ýerleşýän yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň baş edarasy hem nyşana alyndy. Eýranyň Tasnim agentliginiň maglumatlaryna görä, zarbada Korpusyň ýolbaşçysy general-maýor Hossein Salami öldürildi.
Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bu hüjümleriň “Ysraýylyň ýaşamagyna gönüden-göni abanýan Eýran howpuny ýok etmek üçin amala aşyrylandygyny” we bu operasiýanyň “bu howpy doly ýok etmek üçin näçe zerur bolsa, şonça günüň dowamynda dowam etdiriljekdigini” aýtdy.
Netanýahu wideo ýüzlenmesinde: “Biz Eýranyň ýadro baýlaşdyryş programmasynyň merkezi bolan Natanz desgasynda zarba urduk. Şeýle hem, biz Eýranyň ballistik raketa programmasynyň merkezi nokadyna zarba urduk” diýdi. Onuň aýtmagyna görä, Ysraýyl Eýranyň ýadro programmasy üçin iş alyp barýan ýadro alymlaryny hem nyşana alypdyr.
Ysraýylyň harby güýçleriniň maglumatyna görä, bu giň gerimli zarba çäresine jemi 200 çemesi söweş uçary gatnaşdy. Ysraýylyň telewideniýesi Mossad aňtaw gullugynyň bu operasiýany amala aşyrmak üçin Eýranyň territoriýasynda gizlin baza döredendigini hem habar berdi.
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkýan Ysraýylyň hüjümlerine “kanuny we güýçli jogap” beriljekdigini duýdurdy.
Pezeşkýan hüjümleri “paýhassyz ädim” diýip atlandyryp, “Eýran sesini çykarman durmaz” diýip haýbat atdy.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Ysraýylyň eden bu hüjümleriniň “örän agyr netijelere getirjekdigini” duýdurdy.
Ysraýylyň gijeki hüjümleri we Eýranyň mümkin bolan jogap çäreleri sebitiň asmanyndaky raýat uçuşlarynyň gatnawyna täsir etdi. Howpsuzlyk sebäpli howa ýollary uçuş ugurlaryny üýtgedip, Eýranyň we Yragyň howa giňişliklerinden aýlanmaga mejbur boldular.
Eýranyň döwlet telekanaly Natanz ýadro baýlaşdyryş desgasynyň birnäçe gezek zarba sezewar bolandygyny mälim etdi we sebitden goýy tüssäniň çykýan pursatlarynyň şekillerini görkezdi.
Halkara Atom Energiýasy Agentligi Natanz desgasynyň zarba sezewar bolandygyny tassyklady, ýöne desganyň töwereginde radiasiýa derejesiniň ýokarlanandygyny hasaba almadygyny aýtdy. Agentlik şeýle hem Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen baglanyşykly beýleki iki desganyň, ýagy Isfahan we Fordow merkezleriniň zyýan çekmändigini mälim etdi.
Ysraýylyň Goranmak güýçleri hüjümden soň ýaýradan beýanatynda Eýranyň “ýadro ýaragyny döretmekde gaýdyp bolmajak nokada ýakynlaşandygyny” aýtdy.
Ysraýylyň iň ýakyn ýarany ABŞ Ysraýylyň hereketlerini goldady, ýöne Waşingtonyň bu hüjümlere gatnaşmandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio özüniň ýaýradan beýanatynda Ysraýylyň Waşingtona bu çäreleriň öz-özüni goramak maksady bilen amala aşyrylandygyny duýdurandygyny aýtdy. Şeýle-de Rubio Eýrany ABŞ-nyň bähbitlerine ýa-da işgärlerine garşy hüjüm etmekden saklanmaga çagyrdy.
Eýranyň demirgazyk goňşusy Türkmenistan setbitdäki bolup geçýän soňky wakalar boýunça entek resmi reaksiýa bildirmedi.