Ysraýylyň Eýrana eden hüjümi harbylara täsir etdi, emma Tähranyň ýadro işjeňligini güýçlendirip biler

13-nji iýunda Ysraýylyň Eýrana howa hüjümini amala aşyrmagyndan soň, Tähranyň demirgazygyndaky ýaşaýyş jaýda partlamanyň bolan ýerinde işleýän ýangyn söndürijiler.

Ysraýylyň Eýrana eden giň gerimli hüjümi ýurduň harby ýolbaşçylaryna täsir ýetirdi, bu gyssagly ar alyş çäresini yza süýşürip biler.

Ýöne onuň esasy maksadyna ýetip-ýetmändigi entek belli däl: Ysraýyl Tähranyň diňe raýat maksatlary üçin niýetlenendigini öňe sürýän ýadro programmasyny bozmak isleýär we onuň Eýranyň ýaraglanmak howpuny döredýändigini aýdýar.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu we Ysraýylyň beýleki resmileri Eýranyň urany baýlaşdyrmak we ýaraglanmak boýunça işlerini çaltlaşdyrandygyny we birnäçe aýyň içinde, hatda birnäçe günüň içinde ýadro ýaragyny öndürip biljek derejä çenli ýetirmäge tagalla edýändigini öňe sürýärler.

Ysraýyl “Göterilýän arslan” diýip atlandyran operasiýasyny Eýranyň ýadro infrastrukturasynyň esasy böleklerini, şol sanda Natanz urany baýlaşdyryş desgasyny, şeýle hem Tähranyň we onuň töweregindäki harby desgalary nyşana almak üçin gönükdirdi.

Ysraýylyň söweş uçarlary raketa önümçilik desgalaryna we ýokary derejeli harby wekilleriň we ýadro pudagynda işleýän alymlaryň ýerleşýändigi çak edilen ýaşaýyş jaýlaryna hüjüm etdi. Öldürilenleriň arasynda Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň (IRGC) serkerdesi Huseýin Salami hem bar, emma Eýran onuň ölümini tassyklamady.

Degişli maglumat Eýran, HAEA-niň borçnama berjaý edilmezligi kararyndan soň, gaýtawul berjekdigini aýdýar

Ysraýylyň resmileriniň aýtmagyna görä, maksat Eýranyň ýadro mümkinçiliklerini we giň ballistik raketa arsenalyny ulanmak arkaly ar almak ukybyny peseltmekdi, Ysraýyl bu howpy Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyndan soň ikinji orunda goýýar.

Ysraýylyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň öňki orunbasary Eran Etzion: "Netanýahu, Ýakyn Gündogarda täze bir tapgyry - Ysraýyl-Eýran ýadro urşy döwrüni açdy" - diýip, X-da ýazdy.

"Maksat Eýranyň ýadro programmasyny duruzmak diýlip yglan edildi, emma onuň asyl maksady Eýran režiminiň düýbüni nyşana almak" diýip, Etzion aýdy.

Uly döw oýny

Howpsuzlyk boýunça bilermenler bu operasiýany öňüni alyjy oýun hökmünde häsiýetlendirýärler - Ysraýyl özi üçin bolup biläýjek howp hökmünde görýän meselesiniň öňüni almaga synanyşýar. Ýöne bilermenler muňa sebit urşuny tutaşdyrmak, diplomatiýany pese gaçyrmak we hatda Eýranyň ýadro ambisiýalaryny tizleşdirmek howpy hökmünde garaýarlar.

Düýbi Tel Awiwde ýerleşýän Milli Howpsuzlyk Barlaglary Institutynyň baş işgäri Danny Sitrinonwisz zarbalaryň Eýranyň howa goraglaryna aralaşmak we ýokary derejeli serkerdeleri ýok etmek arkaly Tähranyň abraýyna uly zarba urandygyny aýtdy.

Emma, ol zarbalaryň Eýranyň ýadro maksatnamasyna edýän täsiri "çäkli", sebäbi esasy desgalar, şol sanda berk goralýan Fordow ýeri degilmän galýar diýdi.

"Bu, has uzak kampaniýanyň açylyş tapgyry" - diýip, Sitrinonwisz X-da ýazdy we "Ysraýyl öňde möwç almak üçin käbir kartlary saklaýana meňzeýär" diýdi.

Eýranda nähili mümkinçilik bar?

Eýranyň we ABŞ-nyň arasynda 15-nji iýunda meýilleşdirilýän ýadro gepleşikleriniň altynjy tapgyrynyň dowam etmegi şübheli. Diplomatiýa ýolundan düşen ýagdaýynda Eýranyň islendik jogaby ýagdaýy dartgynlaşdyrmak ähtimallygyny çuňlaşdyrýar.

Eýranyň gyssagly görkezen reaksiýasy Ysraýyla tarap 100-e golaý "Şahid" pilotsyz uçar ugratmak görnüşinde boldy, olaryň köpüsi Ysraýylyň howa giňişliginiň daşyndan saklandy.

Eýranyň liderleri Ysraýylyň we ABŞ-nyň sebitdäki güýçlerinden ar aljakdygy barada birnäçe gezek duýduryş berdiler. Waşington hüjüme gatnaşygy inkär etse-de, Eýran ony bu meselede jogapkär hasaplap biler.

Eger Tähran ABŞ-nyň harby bazalaryny nyşana almak haýbatyny durmuşa geçirse, Waşingtony has giň konflikte çekip biler.

Degişli maglumat Eýran bilen dartgynlylyklaryň arasynda, ABŞ Bagdaddaky ilçihanasynyň zerur bolmadyk işgärleriniň sanyny azaldýar

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna görä, Eýranda 2000-den gowrak raketa bar, köpüsi 900 kilogramdan gowrak partlaýjy maddaly söweş ýaragyny götermäge ukyply. Eýran bir aýda 50 çemesi ballistik raketasyny öndürýär. Ysraýylyň hüjüminiň ýurduň bu mümkinçiligine näderejede täsir edendigi entek belli däl.

Eýranyň ýardamçylary hökmünde görülýän sebitdäki ýaranlary gaty gowşady. Gazadaky söweşler ABŞ tarapyndan terror topary diýlip hasaplanýan "Hamasy" gowşatdy. Liwandaky "Hezbollah" soňky döwürde Ysraýyl bilen bolan çaknyşyklardan soň yza çekilýär. Bu ýagdaýda Ýemendäki "Husitlere" Tähranyň harby taýdan ukyply ýarany hökmünde seredilýär.

Şeýle hem Tähran global ýadro ýaraglaryna gözegçilik etmegiň esasy özeni bolan Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk şertnamasyndan çekilip biler. ABŞ-nyň aňtaw gullugy, Ysraýylyň berýän bahasynyň tersine - Eýranyň häzirki wagtda ýadro ýaragyna eýe bolmak boýunça işleri alyp barmaýandygyna ynanýan bolsa-da, Yslam respublikasy Ysraýylyň hüjüminden peýdalanyp, şertnamadaky borçnamalaryndan ýüz öwrüp, ýaraglanmaga tarap hereket edip biler.

Eran Etzionyň bellemegine görä: "Netanýahonyň hökümeti, Eýran režimine ýadro ýaragyny edinmek üçin hem içerki, hem-de halkara kanunylygyny beren bolmagy ähtimal" diýip belledi.