12-nji iýunda “Air India” awiakompaniýasynyň uçary Hindistanyň günbataryndaky Ahmedabat şäherindäki howa menzilinden howa galan badyna heläkçilige uçrady. Bu barada “The Times of India” habar berýär.
“Boeing 787 Dreamliner” kysymly uçarda jemi 242 adam, ýagny 230 ýolagçy we 12 ekipaž agzasy bardy. Ýolagçylaryň arasynda 169 hindistanly, 53 britaniýaly, bir kanadaly we 7 portugal raýaty bardy. Ilki bada, uçardaky ähli adamlaryň heläk bolandygy aýdylsa-da, soňra ýerli polisiýa bir ýolagçynyň diri galandygyny mälim etdi.
“Polisiýa 11A oturgyjynda diri galan bir adamy anyklady. Ol hassahana ýerleşdirildi we häzirki wagtda bejergi alýar” diýip, Ahmedabat şäheriniň polisiýa komissary aýtdy. Onuň bellemegine görä, uçaryň ýaşaýyş toplumyna ýykylandygy sebäpli, heläk bolanlaryň sanynyň artmagy mümkin.
Bu ýolagçy uçary Londonyň Gatwik howa menziline ugrapdy. Uçaryň ýerli wagt bilen sagat 10:06-da howa galanyndan birnäçe sekuntdan soňra, onuň ekipažy bilen aragatnaşyk kesildi. Hindistanyň raýat awiasiýasy boýunça baş müdirligi uçarmanlaryň halas ediş signalyny ibermäge ýetişendigini, emma soňundan hiç hili jogap bolmandygyny habar berdi.
Heläkçiligiň sebäbi entek resmi taýdan mälim edilmedi.